Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

Goshgular... (Edebiýat)
Tapawut


Papak geýip ýalan sözleýän bilen
selleli ýalançyň tapawudy nä?
Sakgally hem donly ýaranjaň bilen
penjekli çemeçiň tapawudy nä?Tapawudy näme türmede ölen
hem indi ölmeli iki ogrynyň?
O birini ses-sedasyz jaýlarlar,
beýlekisi donun geýer dogrynyň.Tapawudy näme, atly galtaman,
maşynly, uçarly, tankly ýa-da?
Birisi gyssanmaç, gorkuly çapar,
beýleki çapmagy öwürer kada...
Adamsyň...


Adamsyň, ýagşyň-da, ýamanyň-da bor,
käte mamla borsuň, käte bimamla;
Kä gülersiň gözüň ýaşlap şatlykdan,
käte gowzamaly bolarsyň aglap...Adamsyň, bazardyr durmuş bir ýandan,
satmagyň-da mümkin, satylmagyň-da;
Bir ýanyň uruşdyr, bir ýanyň baryş,
atmagyň-da mümkin, atylmagyň-da.Adamsyň, ozaly özüňden, soňra
gypynç etmän çalt öwýänden çekin.
Sebäp çalt söýen çalt ýigrener,
hemem çalt sögüp gyzdyrar çetiň. Bu-da hiç diýersiň, emma çalt sögýän
çalt gelip yzdan urubam biler;
Geçirseň ýa gezseň bilmedik bolup,
ýaralap, öňüňde durubam biler.Diýmek, çalt öwýän, çalt sögýänden,
hemem çalt urýandan ägä bol gaty.
Sebäbi çalt urýan çalt ýaralap,
öldüribem biler ýetip ýa atyp...Dogry, çalt öwýän, çalt ýigrenýän
çalt ökünibem biler edenne.
Ýöne öldürleňden, gömüleňden soň,
tentek tobasyndan ne peýda saňa?
Adam hem hudaý


Öz-özüne kömek edýän adama
hak-hudaýyň özem uzadarmyş gol,
özüni özünden gaýgyran kişä
gynanarmyş, emma düşünmezmiş ol...Öz-özüne kömek edýän adama
taňry golun uzadarmyş bigüman;
Öz-özüne kömek etmez adama,
öz gyzyna kömek etmez adama,
öz ogluna kömek etmez adama,
öz iline kömek etmez adama,
her niçe dilinde getirsin iman,
hudaý gabygyny galdyryp çala,
ýeň astyndan seredermiş,
emma kömek etmezmiş.Öz sözüni aýdyp bilýän adama,
hem durjak bolýana yzynda gaýym,
hudaý guwanç bilen bakarmyş hemem
arkasyna kakarmyşyn herdaýym.Öz-özüne kömek edýän adamy,
öz-özüne dürsi goldarmyş neti; 
Öz-özüne kömek etmez kösenip,
ömür ilden çekermişin minneti...
Ýöre, durma...


Ýöre, durma, gowşama,
bolmanda hool çüňke ýet,
öwrül şondan sagyňa,
a biraz soň çepe git...Ýöre, durma, gymylda, 
kyn bolsa gitmek eňip,
emma dönme yzyňa,
ýadan bolsaň al demiň.Ýöre, durma, ýaýdanma,
gidiberseň ýolugra
görersiň köp adamy,
käte ýadadar gowry,
galmagaly illeriň.
Ýöne gidiber durman,
berk guşa-da billeriň.Ýoldur, çilim çeken bor,
ýa-da bolar nas atan;
Kä duşar serhoş, saňsar,
tirýek, heroin satan...Ýöre, durma, gidiber,
görersiň her haýsysyn,
iki-ýeke il gaýgyr, 
köp eder öz gaýgysyn.Biri bolar beýleräk, 
biri bolar eýleräk,
gidiberseň gygyrlar
yzyňdan bolup heläk.Emma durma, eglenme,
bol sen özüňe görä;
Bu bir uzak ýol örän,
ýeňersiň diňe ýöräp...
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1618 | Рейтинг: 0.0/0