Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

Ýaşlygym
Heniz mekdebi-de tamamlamankak, 
Söýüp taýly boldy deňi-duşlarym. 
A men weli seň gelerňe garaşyp, 
Hiç bir gyza söz gatmadym, Ýaşlygym. 

Ne beýle köp garaşdyrdyň sen meni. 
/Men senden kän bir zat hantama däl-ä / 
Indi bir eglenme, gideli tizräk, 
Münüp, mähir atly ullakan gämä. 

Müdimilik mekan tutaly indi, 
Söýgiň ho-ol görünýän täsin adasyn. 
Yşgyň gözleginde ýadamaly biz, 
Goý, çyn söýgi gizlenmekden ýadasyn. 

Düşünýärmiň, söýgiň didelerinde, 
Bir mukaddes heýkel bolup galaly. 
Şonda synmaz ömür diläp özüne, 
Bize tagzym eder söýgi şalygy… 

…Bilýän, bu arzuwma ýeterin ynha, 
Ýöne Ýaşlyk, senden haýyşym tenha — 
Ýaşlygyňy edip, çapyp salgyma, 
Meni aldama!.. 

Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1505 | Рейтинг: 0.0/0