Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir, dilber.
Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir, dilber… 

Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir, dilber, 
Gör, näçe da$la$dym seniñ y$gyñdan. 
Seni juwan gyzlañ ke$binden idäp, 
Idäp ahu-gözli gyzlañ çe$minden. 

Ýöne hiç zat çal$yrgyçsyz däl eken, 
Görseñ, ine, gözlerine söweýin, 
Bir zyba gyz otly söýgi bilen däl, 
Mähri bilen tutdy seniñ öweziñ. 

Bar eken bagtyñam ýerin tutýan zat, 
Bozlap aýra dü$en bagtymyñ ornun, 
Tutdy akja gundagynda jägildäp, 
Däb$enekläp ýatan ilkinji oglum. 

Belkem, yrgadyryn, durnuksyzdyryn. 
Ýa-da uýgunla$yp ýürek zaryma, 
Özümi ýitirip gam-gussa bilen, 
Dönüp gidendirin ba$ga birine. 

Belkem, me£nun bolup söýen däldirin, 
Ýa$lygyñ a:lydyr kalbymdaky o:t. 
Sensiz ýa$ap bilmän ýören hallarym, 
Göz öñüne getiribem bilemok. 

Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir, dilber, 
Galan ömrüme-de $u günüm bolýar. 
Ýöne käte seni bagryma basyp, 
$eýle bir, $eýle bir aglasym gelýär. 
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1710 | Рейтинг: 0.0/0