Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

ÝETGINJEK
Öňküsine görä üýtgeşik dünýä, 

Nämüçindir dünýäň öňküligi ýok, 

Ol özünden uly bolmak isleýär, 

Öz ýaşyndan uly bolup bilenok. 


Görýän düýşleri hem öňküleri däl- 

"Söýüşen gyzlary bardy bir çene, 

Ol ýuwaş-ýuwaşdan düşünüp barýar 

Gelinleň, gyzlaryň gözelligine. 


Bir täsin täzelik gurşaýar ony, 

Ol häzirden görjek bolýar geljegin, 

Howlaýar. Ululaň yzyna düşýär, 

Geýýär uly doganynyň penjegin. 


Uruşly kinolar ýat boldy oňa, 

Düşenok ýadyna oýun, kepderi, 

A "Söýgi oduna" goýberenoklar 

On alty ýaşyna ýetmedikleri. 


Ýigitligiň galesyny kakýar ol, 

Açanoklar, wah, nätmeli? Itmeli? 

Itse-de, bu gapa goýberenoklar 

On sekiz ýaşyna ýetmedikleri. 


Öýe gelýär. Urunýar ol ikiýana. 

Kakasy geň galýar: "How, keýpiň ýok-la?" . 

"Men ullakan adam bolasym gelýär, 

Näme üçin meni goýberenoklar?…" 
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1078 | Рейтинг: 0.0/0