Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

Maña seniñ gözleriñden gitme ýok
Maňa seniň gözleriňden gitme ýok. 
Maňa seniň sözleriňden gitme ýok. 
Düşün, bu dünýäde soňky güne çen 
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men . 

Seniň ýüpek gijeleriňden gitme ýok . 
Seniň aýdyň gündizleňden gitme yok. 

Bu garagol jahyllykdan giderin. 
Ol hasaly gojalykdan giderin . 
Çünki men olardan gitmän bilemok . 
Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok . 

Men zemin . 
Sen bolsa ullakan asman . 
Saçyňy nur edip üstüme dökýäň . 
Emma ,düşün ,läläm, şeýle gün dogar: 
Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar . 
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme 
Gararyn belentden ýeriň ýüzüne . 

Men bir gyzda gözleriňi görerin . 
Men bir gyzda sözleriňi görerin . 
Şapakda görerin-ýaňagyn alyn . 
Gijede görerin —ýaňagyn halyn . 
Synlap ýapraklaryň ýüzünde deriň , 
Onda seniň gözýaşyňy görerin . 

Zemin aylanyp dur , 
Oňatlyk örän ! 
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok . 
Dünýäň her gülünde men seni görän , 
Şonuň üçin bu dünýäden gitme ýok . 
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 2986 | Рейтинг: 0.0/0