Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

Ýyldan ogrynça
Gülüm duşuşmaga söz berdi maňa, 
Duýdurman gel diýdi. Geldim ogrynça. 
Çalaja tolgunyp, garaşdym oňa 
Bilbile duýdurman, gülden ogrynça. 

Dolan aý ýalbyrap, asmana galdy, 
Kümüş şöhlesini her ýana salddy, 
Gülüm gyzyl geýnip, gujagma doldy, 
Sypadym zülpüni ýelden ogrynça. 

Çal bulutlar pytrap, syryldy perde, 
Bahar ýeli oýun gurdy bir ýerde, 
Menem gül içinde — çolaja ýerde, 
Öpdüm söýgülimi ilden ogrynça. 

Bagt bilen balkyldap ýarymyň gözi, 
Bagyň güli ýaly görk berdi ýüzi, 
…Ýok, garradyp bilmez ýyllar hem bizi, 
Ýaşaýas ýar bilen ýyldan ogrynça. 

Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1101 | Рейтинг: 0.0/0