Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

Toýda okalan goşgy
Özlerine ogul gerek bolaýsa, 
Gyz hem bolsa, Ogulgerek diýerler. 
Gundaglyja aglap ýatan bäbegi 
Ogulgerek, oglum, diýip söýerler. 

Şonuň üçin dünýä inen badyna, 
Ogulgerek dakypdyrlar adyna. 

Ogulgerek dakypdyrlar adyna, 
Tutar ýaly ogullaryň deregin. 
Wah, olar nireden bilsin ahyry 
Biziň Ussamyza gyzyň geregin 

Ogulhem gerekli, Ogulgeregem, 
Geliň dostlar, götereliň tosty biz. 
Hem-ä söýülýänleň, hemem söýýänleň — 
Aşyk-magşuklaryň söwer dosty biz. 

Gyzjagazlar bolsun ekiz-ekizden, 
Ogullarnyň her birisi ner bolsun. 
Bu dünýäde armanyň nä köpelseň, 
Esasy zat — agyzlary bir bolsun. 

Bulaň bary bolar gider kem-kemden, 
Ir entekler bu barada oýlanmak. 
Ilkinji tost çyn söýginiň saglygna. 
Ýaşasyn dünýäde söýüp öýlenmek. 
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1660 | Рейтинг: 0.0/0