Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

Annasoltan K 'Minnetdarlyk'
..Men ýeke däl başga-da 
adamlar ýaşaýarlar. 

Adamyň nesli mydama dowam 
edip dur. 

Goý, bu gün meniň goşgymy 
okamasalar okamasynlar. 

Ýöne döwrem adamlaryň 
islegem, söýgüsem, ykbalam dürlüdir. 

Mümkin ertir… üýtgeşik 
ýürekli bir kişi doglar. 

Hem meni söýer,pikirlerime 
teşne bolar, goşgularymy okar, 

Emma barybir ol meni garry 
aýalyň keşbinde-de tapyp bilmez. 

Menem onuň galyň 
dodaklaryndan öpüp minnetdarlyk bildirmek üçin mazaryndan çykyp bilmen. 

Şonuň üçinem, 

Sen meniň ýaşdaşymmyň, ýa 
kiçimiň… 

Garaz kim bolaňda-da… 

Kalbymda duýgy oýaranyň 
üçin, 

Minnetdarlyk bildirýärin… 

Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1014 | Рейтинг: 0.0/0