Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

Gynanýañ
Käte oýa batyaň durmuşyň 
hakda, 
Ýeňişleriň hakda, ýeňlişleň hakda, 
Ýatlamak nähili agyram bolsa, 
Düzedip bolmajak ýalňyşlaň 
hakda. 

Gynanmana sansyz sebäp bolsa-da, 
Begenýäň dostlaryň barlygy üçin. 
Ýöne käte ýeke galaýan wagtyň, 
Gynanýaň hataly ýaşlygyň üçin. 

Gynanýaň artykmaç gepläniň 
üçin, 
Märekeli ýerde ýa başga ýerde. 
Gynanýaň howlukmaç kararyň 
üçin, 
Garaşmaly ýerde ýa başga ýerde. 

Gynanýaň düşmedik azabyň üçin, 
Okabam gowy ýer almanyň üçin, 
Ýa ugrunda arman-ýadaman 
işläp, 
Işiňde iñ gowy bolmanyň üçin. 

Gynanýaň söýgiňde ýeñleniň 
üçin, 
Mert bolup ýaryñy söýmäniň üçin, 
Ýaryň başga birne söz berenini 
Eşitmezden burun, ölmäniň üçin. 

Gynanýaň, gynanýaň ýene 
gynanýaň, 
Her bir şowsuzlyga erksiz 
gynanýaň. 
şonda-da dikelip ýöräniň üçin, 
Dostlaň arasynda çäksiz sylanýaň! 

Ajysyz ýaşaýyş bolsady eger, 
Hemmeler bagtly bolardy meger, 
Ýöne baky dünýä göz ýumýan 
wagtyň, 
Bir şatlanyp bilseň barsyna 
deger! 
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1211 | Рейтинг: 0.0/0