Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

Shadaýan gün

Aý, ýöne, 
Keýpine aýdym aýdýaryn, 
Keýpine hosh salam ýollaýan Güne. 
Tanyshlyk üçin däl- 
Gyzlara dushsam, 
-Salam, keýgim-diýip, geçýän keýpine. 

Garagol çagany gush deý göterip, 
Mündürýärin sazdan doly kelläme. 
Suwa dash zyñýaryn-bökýär, oýnaýar, 
Ýeri, shol suwa dash zyñamda näme. 

Dükanlaryñ vitrinasy enaýy, 
Dükana dykylyp girýärin, ine. 
Soraýaryn onuñ-munuñ bahasyn. 
Satyn almakçy däl, 
Ýöne keýpine. 

Gushlaram baglarda jagylda-jugul, 
Ýollarda baglaram gushlary bilen. 
Bu täsin gün ýaýnap otyr enaýy. 
Keýpine, 
Keýpine, 
Ýöne keýpine. 

Çaga ýaly bu arassa asmana 
Kelläm degip, 
Owaz edýär keýp bile. 
Onsoñ neneñ Saturnyñ halkasyn 
Shlýapa dek geýmejek sen keýpine. 

Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1221 | Рейтинг: 0.0/0