Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Понедельник, 20.05.2024

Aýralyk
Dañ atýar, gün ýashýar-Günesh ýashmaýar. 
Ýyldyz öçýär, emma öçmeýär Älem. 
Adam ölýär- hiç ölmeýär Adamzat. 
Bag guraýar-tokaý ýashaýar hälem. 

Bu sheýle bolupdy. 
Sheýle-de bolar. 
Tebigatyñ demir kanuny bular. 

Dañ atýar, gün ýashýar- gyýylýar ýürek, 
Bir ýyldyzjyk öçýär- gyýylýar ýürek. 
Goja bag çüýreýär- gyýylýar ýürek. 
Adam ölýär- hasam gyýylýar ýürek. 

Eger Günesh, Älem, Tokaý, Adamzat- 
Baky bolsa, 
Gama batmak ne derkar? 
Bag ölýär-bag döreýär, 
Gün ýashsa- dañ atmaly. 
Her ölümiñ yzynda oñ dowamy-ömür bar. 

Shularyñ birisi dünýämden gitse, 
Bilemok, ýüregmi gaplaýar gussa. 
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1260 | Рейтинг: 0.0/0