Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

Söýgi näme
Söýgi näme?" diýip soradym Taldan. 

Ol diýdi: "Söýgimi giderdim goldan, 

Örtenip, miwesiz galdym men, guzym. 

Indi miwäm ýok-da, Boýum bar uzyn". 

"Söýgi näme?" diýip soradym Hozdan. 

Ol diýdi: "Ýeňilip bir ajap gyzdan, 

Gabagym gotordy, çürüdi maňzym. 

Ondan beýlesinem Özüň bil, oglum!" 

"Söýgi näme?" diýdim bir gara Garga. 

Ol diýdi: "Sataşyp yşk diýen urga, 

Garalyp galdym men: bişirdi hazan. 

Edil pamyk ýaly Ak guşdum ozal"., 

"Söýgi näme?" diýip ýüzlendim Serçä. 

Ol diýdi: "Entedip gijeden gijä, 

Agrammy mysgala getirdi yşgym. 

Ozal dünýäde, men iň uly guşdum". 

"Söýgi näme?" diýdim zynjyrly Dälä. 

Pikirini bilmek aýyp zat däl-ä! 

Däli jogap berdi elhenç ses bilen: 

"Men, men, men… Ynha, Söýgi men!.." 

"Söýgi näme?" diýdim bir ajap Gyza. 

Ol iki elini uzadyp yza, 

Diýdi: "Söýgi meniň edebim, haýam. 

Ýogsam şol ýigide uçardym eýýäm!" 

"Söýgi näme?" diýdim Şahyra garap. 

Ol diýdi, çalaja kellesin yrap. 

Diýdi: "Soragy bar, jogap ýok, 

Yşka jogap bir başgadyr, Söýgä bir başga!" 

Kerim Gurbannepesow «Söýgi näme
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 2319 | Рейтинг: 4.0/4