Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

«Ynam» goshgy
Men ony goradym ýaman gözlerden 
Jalaý ýigitleriň her garaýşyndan 
Sowuk gybatlardan, sowuk sözlerden 
Tükenmez ýyllaryň gara gyşyndan 

Goradym göripleň gargaýyşyndan 
Ýakynlarymdanam goradym ony 
Goradym doslarmyň ýylgyryşyndan 
Hiç bir zada rowa görmedim ony 

Bişişini synlap ullakan almaň 
Şol uly alma-da gorkuly garap 
Ony ähli zatdan goradym, arman 
Özümi şol gyzdan bilmedim gorap 

Hanha, iňrik ýere ýazylyp barýar 
Bilýän, bir ýerlerde eýýäm daň atdy 
Oň söýgüsi misli bir uly derýa 
Zyňylan daş bolup, ýüregme ýetdi. 

Ine, syryp ýörüs köçeleň boýun, 
Bir-birimiz tanaman, nobata durus 
Geliň, syr saklaman, alalyň boýun 
Şol daşy näçämiz göterip ýörüs! 

Biz jeza bar jezalaňňam jellady: 
Wysallaryň myrat bolmak deregne 
Adamyň eý gören, ynanan zady 
Bir gara daş bolup çökýär ýüregne 

Ynamsyz ýaşamak mümkin däl mümkin, 
Ony goramalay beýni hem ýürek 
Ýöne ynamlaňňam synýany üçin, 
Käte ynamlardan goranmak gerek. 
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1542 | Рейтинг: 0.0/0