Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

«Serpaý» goshgy.
Söýüň meni yürek söýgi küýseýär, 
Şeýlebir küýseýär ýok çaky çeni. 
Ýekeje adama ýeterlik söýgi 
Bilen bir pursatlyk söýüň siz meni. 

Maňa kän zat, 
Uly bir zat gerek däl, 
Eliňizi ýüregňize goýuň siz: 
Size söýgi bilen ýüzlenyän günlem 
Sözlerimi kesä çekmän söýüň siz. 

Söýüň meni ähli erki hem durky 
Bilen size tarap ýollar çekeni 
Yeke özüň söýüp ýörsen elmydam 
Birazajyk agyr düşjek ekeni. 

Söýüň meni siziň sadyk guluňyz 
Soňra menden size galar şeýle paý 
Men size bahasyz serpaý ederin 
Şalaryň elinden gelmejek serpaý 
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1209 | Рейтинг: 0.0/0