Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

Ýene Magtymgulydan
Jogaplajak bolup synanşyň!!!

KAÝDADYGY BİLİNMEZ

Aryf bolsaň, senden habar alaýyn,
Ne mekandyr, kaýdadygy bilinmez?
Habar ber soraýyn genji-hazyna
Pakypdamy, baýdadygy bilinmez.

Ne kirişdir bent olupdyr kemana,
Kaýsy gün goparmyş ahyrzamana.
Ne sebapden gark bolupdyr ummana,
Kenardamy, saýdadygy bilinmez?

Ne göwher ne ýerde ýatyr kembaha,
Niçik esbat etmiş suraýy-taha,
Kerki çapan, pili sokan ajdaha,
Başy seňňer oýdadygy bilinmez?

Ol ne guşdur otyrgyçly, simkeşli,
Alty müň ganatly, elli müň başly,
Atasy kyrkynda, ogly ýüz ýaşly,
Ýasdadygy, toýdadygy bilinmez?

Ol nedir kim, tört ýanynda ýüzi bar,
Ol nedir kim, synasynda gözi bar,
Bir kelamdyr, üç ýüz altmyş sözi bar,
Ýerde, gökde, Aýdadygy bilinmez?

Ol nedir kim, öňi bar-da ardy ýok,
Ol nedir kim, gonar-göçer, ýurdy ýok,
Hasap edip görsem, ýene tördi ýok,
Ne kemanda, ýaýdadygy bilinmez?

Magtymguly, üç müň, üç ýüzi dursun,
Dört müň dört ýüz kyrk tört sapasyn sürsün,
Her kim ussat bolsa, jogabyn bersin,
Tört "dalyň” bir "zidedigi” bilinmez
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1298 | Рейтинг: 0.0/0