Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

KERE DÖNDİ
Ýyl-ýyldan işler pis boldy,
Her kişi bir kere döndi;
Ýaman işler peýda boldy,
Pysky-pysat bara döndi.

İl üçin aglaýan sesler,
Belent boldy nije peşler,
Pul ýygnaýan muhannesler,
Her biri bir äre döndi.

Bir nijeler gapyl yörer,
Ähdi-şerti oýun görer,
Eklenç üçin janyn berer,
Ant-kasam hünäre döndi.

Ýylda birin ikä keser,
Gelen ryzkyň ýolun tutar,
Algy diläp, yüzün asar,
İl bary süýthora döndi.

Ajy derdi jana salar,
Ondan soňra melul bolar,
İşan, sopy hem mollalar-
Barsy betkäre döndi.

Garyplar galmady janda,
Mürewwet ýok begu-handa,
Eý ýaranlar, şu zamanda,
Diwan işi para döndi.

Süýde berip, ýygar maly,
Garamazlar sagy-soly,
Şu günlerde uly ili,
Gassap dek soýara döndi.

Zelili diýr, dar bu çaýlar,
Elip gaddym boldy ýaýlar,
Şu eýýamda nije baýlar,
Göýä çokjak mara döndi.
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 983 | Рейтинг: 0.0/0