Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

Türkmen binasy
Gurdugum aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,

Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy.

Terki dünýä eýleýir, gelse rakyp gaşyna,

Bil, polatdan bina bolan, budur ki türkmen galasy.

Süleýman, Rüstem, Zal, Jemşit oňa bolmuş geda,

Günde ýüz müň salsa leşger, degmez şahnyň belasy.

Daglar ondan alar taglym, leşgerleri sap-sap durar,

Her salanda zülfigaryn, artar ýigitniň höwesi.

Her gadam ursa saýýat, bolmaýar ol duşygär,

Bendi kylyp ala bilmez, düşmez türkmen balasy.

Aryflary dem-demden geler, toýy bardyr her zaman,

Merdi-merdan sözlüdir ol, ýokdur köňül hilesi.

Aýdadyr Magtymguly, bolmaz köňülde bir gara,

Hak sylaýyp, kylmyş nazar, bardyr onuň saýasy.
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1361 | Рейтинг: 0.0/0