Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

Gidiji bolma
Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý:

Watany terk edip, gidiji bolma!

Özüňden egsik bir gaýry namardyň,

Hyzmatynda gulluk ediji bolma!

Ýagşylardan hergiz çykmaz ýamanlyk,

Asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk,

Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk,

Ýüwrükni çamanga satyjy bolma!

Çagyrylan ýere bar, oturgyl, turma,

Çagyrylmagan ýere görünme, barma,

Uýalmas kişi dek süýrenip ýörme,

Buýrulmagan işi ediji bolma!

Eger sen hem bolsaň nerm-u mylaýym,

Sen mylaýym bolsaň, guluň bolaýym,

Gulagyma bergen pendiň alaýym,

Kişige gaty söz aýdyjy bolma!

Mert ogludyr, ilge ýazar desterhan,

Dogry söz üstünde berer şirin jan,

Ömrüni ötgürep diýmes bir ýalan,

Jäht eýläp, ýalan söz aýdyjy bolma!

Ger tapsaň dünýäde mülki Isgender,

Karunyň maly hem bolsa miýesser,

Ahyry bolar sen ýerge barabar,

Köňülde men-menlik ediji bolma!

Döwletli ogullar ýaşda baş bolar,

Ýaşadykça, bidöwletler ýaş bolar,

Birehim zalymyň bagry daş bolar,

Barar ýerge kesek atyjy bolma!
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1382 | Рейтинг: 0.0/0