Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

GURBANNAZAR EZIZOW
Sungat diýmek näme? Bilýärmisiňiz?
Ele alýarlar-da ýiti keseri.
Lokga daşyň ähli artyk bölegin
Ýonup, döredýärler ajap eseri.

Artykmaçlyk- duşmanydyr sungatyň
Tygşytly bolanda, beýikdir nama
Men pikirimi bir söz bilen aýdýarkam,
Ol ýerde üç sözüň geregi näme?

Tälim almaň dagdan inen sillerden,
Tälim alyň Wolgalardan, Nillerden.
Kemlik adamyny bezänok welin,
Artykmajam boljak bolmaň illerden.

Göz öňünde artyk söze daýanma,
Söýgä göz gerek däl, gerekdir ynam.
Söýme Watanyňy gursagňa guýup,
Eneňi söýşüň dek söýüber onam.

Sungat diýmek näme? Bilýärmisiňiz?
Bu sowala sada jogap bermeli.
Biz herimiz özümiziň zergärmiz,
Mydam özümizi ýonup ýörmeli.

Myhmançylykda aýdylan tost.
Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,
Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz.
Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen,
Bereketli gelsin tylla güýzüňiz

Törüňizde hemişelik guralan,
Ýumşak sallançagyň ýatmasyn bady.
Saçagňyzda çörek, duz haltada duz,
Söznmesin ojakda ojaryň ody.

Duluňyzdan gelin baksyn aý bolup,
Tüýnügňizden gelin bolup, aý baksyn.
Ýaman niýet bilen işikden giren –
Ýagşy niýet bilen işikden çyksyn!

Ýazlarym
Durna, jümjümeli, älemgoşarly,
Ülkäme toý bolup gelen, ýazlarym.
Edepli-ekramly, gunduz goşarly,
Bäs edişdiň gyzlar bilen, ýazlarym.

Çaga bolup, ýaýlalaňda oýnadym,
Ýigit çykyp, görmegiňden doýmadym,
Kämil çykyp, şygrystanda ýaýnadym,
Ýylda ussat bolup gelen, ýazlarym!

Diriliş sen, galkynyş sen, durmuş sen,
Guşa ganat, bize ylham bermiş sen.
Elwan köpri gelejege geçmişden,
Çyn aşyga döwran bolan, ýazlarym!

Göz aýladym bu gün ýakyn -daşlarym,
Begenjimden gök diredi başlarym,
Söýenim, sylanym, deňim-duşlarym,
Aman eken ilen-çalan, ýazlarym!

Sen bir jadygöý sen, giden bir many,
Özüň bilen ýazlaşdyrdyň ynsany.
Maňa il günümiň şöhraty-şany
Nesip etsin seniň bilen, ýazlarym!

Goja
Ol juda arkaýyn,Äwmän barýardy,
Märekäň içinden, ýatladyp toýy.
Şemal baga çykyp, saçyn darýardy,
Çünki oň boýundan gysgady boýy.

Dagyň bir bölegi!Bölegem däl-de,
Dagyň özi ýaly parasatlydy.
Deňinden geçenler biraz saklanyp,
Oňa baka-baka, könül şatlady.

Göge alma atsaň, ýere gaçmajak
Märekäň içinden äwmän barýardy.
Agras,Ynamlydy ädim uruşy,
Kä başyny atyp,Kä ýylgyrýardy.

Daýaw egni bilen ýol arçaýardy,
Çal başyna degip beýgelýär asman.
Paýhasyň özi dek äwmän barýardy,
Hemem, nämüçindir, elmydam juwan.

Näçe materigi, ýurtlary sökdi,
Tanyş oňa goja dünýäň dört çeti.
Ýöne göbek gany siňen ülkäni,
Ine şeýdip,Ädim bilen ölçedi.

Howlukmady,Äwmän, paýhasly ýördi,
Ýol-ýodalaň batgasyndan, gumundan,
Geçäýmäýin diýýän ýaly howlugyp,
Göwün açman, bir gamgynyň deňinden

Ine durdy,Şlýapasyn çykardy.
Eli bilen gözün günden gorady.
Bir ýigdekçe geçip barýan zenandan
– Aýtsaňyz-laň, kim ol? – diýip sorady.

Zenan guwanç bilen goja seretdi,
Tanaýandygyn gagt saýyyp şo bada.
Ähli dilde,Ähli ýurda düşnükli,
Örän gysga hemem örän düşnükli

Jogap berdi – Kerbaba.....

Gözleriňden gitme ýok
Maňa – seniň gözleriňden gitme ýok.
Maňa–seniň sözleriňden gitme ýok.
Düşün, bu dünýäde soňky güne çen
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men.
Seniň ýüpek gijeleňden gitme ýok,
Seniň aýdyň gündizleňden gitme ýok.
Bu garagol jahyllykdan giderin.
Ol hassaly gojalykdan giderin.
Çünki men olardan gitmän bilemok,
Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok.

Men zemin, Sen bolsaň ullakan asman,
Saçyny nur edip üstüme dökýän.
Emma düşün, läläm, şeýle gün dogar
Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar.
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme,
Gararyn belentden ýeriň ýüzüne.

Men bir gyzda gözleriňi görerin,
Men bir gyzda sözleriňi görerin.
Şapakda görerin ýaňagyn alyn,
Gijede görerin ýaňagyň halyn.
Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin,
Onda seniň gözýaşyňy görerin.

Zemin aýlanyp dur. Oňatlyk örän!
Hiç bir güýje oň ýerini tutma ýok.
Dünýäň her gülünde men seni görýän,
Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok!

»
Login to post comments
K. Gurbannepesow
Anna, 2007-06-15 05:16-de, rahat_islam yazdy!
K. Gurbannepesow

Yazmasy agyr düSen goSgy

Bütin oba garaSyp dur.
Yola bakyar hemmeler.
Atasy pySyrdayar:
"Geler. Geler. Geler”.

Gelnejesi pySyrdayar:
"Gelermikä? Kim biler…”
agasy göwünlik beryär:
"Geler-le… hökman geler”.

Gök torannan sayasynda
Yüzläp adam dymyp dur.
Çekizeli ak haltadan
TurSy damja damyp dur.

YygnanySdy babadaSlar,
Ýçginler hem daSgynlar.
Ne signal bar, ne Sowhun –
DymySyp dur maSynlar.

Geldi dürli maSynlar –
Gyzyl, sary, yaSyl, ak.
Geldi garaSylmayanlar.
GaraSylyan gelenok.

Göyä pikir hem etmän
Bu gürrünler babatda,
Ak guS kimin irkilip,
Ene yatyr tabytda.

Göterlerne garaSyp dur
Köpi gören agaç at.
Ene yatyr üstünde
Gin manlayly,
Agajet.

Sol enänin ogluna
GaraSyp dur hemmeler.
Geldi tanyS, nätanyS –
Geldi Sondan önneler.

…Ol henizem gelenok.
Meger, häzir yoldadyr.
In söygüli ulagy
Samolyot däl, "Wolgadyr”.

Yöne weli uçuryandyr
Samolyota deneçer.
Sondan yza-ha galmaz,
Onarsa öne geçer.

Ol henizem gelenok…
Meger, häzir yoldadyr.
Ya-da iki eli hem
Ullakan stoldadyr.

Tüweleme, uly adam
Bolup gitdi indi ol.
Yany bolsa has ullakan
Bir stula mindi ol.

"Sypaymasyn birden!” diyip,
Oturandyr yapySyp.
Owadanja gelinler
Çay çekyändir çapySyp.

ÜytegeSikdir önündäki
KiSmiS, kemput, Sokolad.
Ya gök çayyn humaryna
Yazyandyr bir doklad.

Yok, yok, özi doklad yazmaz,
Yazyandyrlar baSgalar.
Yaranjanlar her sözüne
Ellerin çarpySarlar.

Ol bolsa özi yazan dek
Gülümsirär, yylgyrar.
Yazanlar onun deregne
Utanjyrar, yygrylar.

…Yigrimi yyl mundan ozal
Gutarypdy bir WUZ-y.
Ony ona gutardan hem
Tabytdaky ezizi.

Güyzde pagta yygypdy,
GySda körek çöpläpdi.
"Oglum ullakan okuwda!”
Buysanç bilen gepläpdi.

Howdan gurdy, gazy gazdy
Laya batyp dyzyndan.
Yygnanjasyn lükgeläp
Ibererdi yzyndan.

Ogly üçin ak mütgelden
Bir haltajyk tikindi.
ÜSlügini, manadyny,
Sayysyny, köpügni –

Artdyranja puljagazyn
Atdy Sonun içine.
Seyde-Seyde kyrk yaSynda
Ak çozupdy saçyna.

Ogly okuwyn gutardy.
Ene dertläp yykyldy.
Ol Sonda sypap otyrdy
Bir gözelin çokulny.

Dakyardy enän pulundan
Her barmagna bir yüzük,
Gulagyna teneçir,
Bilegne bilezik.

SöyüSdi, gujaklaSdy.
Paytagtdan jay tutundy.
…Enesinden utanmady,
Ene ondan utandy.

Ene käte paytagta
Gezmäge gelen wagty,
Gelni diydi: "Yok etsene
Bu porsy garabagty!”

Ogly diydi: "Yakymsyz
Ysyn bar-la, jan eje.
Bu eyyamda arassa
Bolmaly myhman, eje!”

Ene diydi: "Wah, jan ogul,
Her nije porsasak-da,
Ulalansyn, yetiSensin
Su porsuja gujakda…”

Sonra bolsa yzak giyje
Yorganynda aglardy.
Danyn ataryna mähetdel,
Otla tarap ylgardy.

… Seyde-Seyde günler ötdi,
Aylar ötdi nobatly.
Edeni Sowuna boldy.
DurmuS ony aynatdy.

Her gözünde bir oyun,
Her elde bir desmaly –
Bir yyl bäri saklap otyr
Has ullakan bir stoly.

Bu gün bolsa enesi
Amanadyn tabSyrdy…
Gelen telegrammany
Stolunda yygSyrdy.

Ony ayalyndan baSka
Görkezmedi hiç kime.
Är-heley karara geldi:
"Barsak bor-la üçüne!”

…Bütin onan gözi yolda.
GaraSyp dur hemmeler.
Atasy pySyrdayar:
"Geler. Geler. Geler”.

Gelnejesi pySyrdayar:
"Gelermikä! Kim biler!”
Ene-de misli gozganyar:
"Geler balam, geler, geler”.
Onyança-da
"Gelyär!” diyip,
ardyndy bir yaSuly.
Göründi yaSyl meydanda
"Wolgalaryn” yaSyly.

"Geler diydim ahbeti!”
bir dayandy atasy.
Gara-köyük yüzünin
Artyp gitdi yagty.

Onyança-da yaSyl "Wolga”
ASak indi yapydan.
Gelmeli adamyn deregine
Sofyor çykdy gapydan.

"Su gün gelip biljek däl.
Gyssatly bir iS çykdy…”
Birden atan gözlerinden
Ýki çogdam yaS çykdy.

YetmiS yaSyn içinde
Aglamadyk ol goja,
GözyaSyny süpürdi-de,
Bir
yylgyrdy çalaja.

Ol yylgyryS ömürbaky
Çykmaz menin yadymdan.
Beyle aylyganç yylgyrSy
Görmändim men adamda.

…Göterdiler enänin
Ak guS yaly tabydyn.
Yaz Semaly ykjatdy
Üstündäki mawudyn.

Salladylar çukura
Ak baSly bir dünyani.
Ýçki öyün gapysyna
Eltilende enäni –

Ýki omzuny diräp
Çukurun ernegine,
Hiç giresi gelmedi
Öz girmeli öyüne.

Ýn sonkuja pursatda-da
Öz ogluna garaSdy.
…Yazsamam yazdym weli,
Agyr düSdi bu goSgy.
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 2911 | Рейтинг: 0.0/0