Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

Salam

NUKSANA GELGEÝ

Musulmanlar gylyç goýsa bir-bire,
Döwlet dönüp, dinler nuksana gelgeý;
Zulm eýläp bir-birin kylsa ýesire,
Pelek bu pikirden puşmana gelgeý.

Bir-birini çapmak ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki, körlükden;
Agzalalyk aýrar ili dirlikden,
Mundag döwlet dönüp, duşmana gelgeý.

Görelde ýok boldy, bir hesip galdy,
Ýaman ýalawlandy, ýol kesip galdy,
Şerigat hiç boldy, bir täsip galdy;
Zamananyň zowky şeýtana gelgeý.

Diňle, mesgen tutan kişi çöllerde.
Tasaddyk kemelse ulug illerde,
Halk üstüne agram düşüp ýyllarda,
Hastalyk köpelip, kast jana gelgeý.

Musulman sen, habar algyl zülaldan,
Gaçawer haramdan, isle halaldan!
Tabagyn kiçeldip, daşyn ulaldan,
Bereketi göçüp, asmana gelgeý.

Sözümni diňlese bir bilen belke,
Myradym-nesihat etmekdir halka.
Kazysy aňlamaz, begi pis ülke-
Ýagyn ýagmaý, ýerler lerzana gelgeý.

Şere şöhrat bermek-şeýtanyň ýary,
Gahryny ýuwtmakdyr-rahmanyň käri,
Köpelse her iliň seri-serkary,
Nyzamlar bozulyp, weýrana gelgeý.

Perwerdigär özi pakyra pena,
Ol pakyr kim bolsa tilinde sena,
Kaýsy welaýatda köpelse zyna,
Zemin jünbüş eýläp, armana gelgeý.

Magtymguly, dursam sözüm saçmaga,
Aňlamazlar, ýüz tutarlar gaçmaga.
Her il dessur etse şerap içmäge,
Ol ýuwurtda tawan durmana gelgeý.

Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1341 | Рейтинг: 0.0/0