Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

DON BOLSA
Ten ýapmaga köynek istär ýalaňaç;
Köýnekli diýr: "Wah, üstünden don bolsa!”
"Baş saglyk” diýp, hakdan dilär garny aç,
Bäşin tapan arzuw eder-on bolsa.

Ol ýigitler çeke-çeke hasreti,
Saparlyk ýüklärge bolsa döwleti,
Ýany birle tapsa ýaragy-aty,
Ýene diýer: mugt, tükenmez nan bolsa.

Köp nan tapyp, eger bolsa köňli şat,
Gyz-gözelden mahbup istär, köp öwlat,
Bu döwleti peýda etse adamzat,
Köňli istär, beýik şähre han bolsa.

Hem han bolsa, hem dünýäsi taý bolsa,
Hem ölmese, hem esbaby şaý bolsa,
Hem bermese, hem çüýrimez baý bolsa,
Ýagşy ady hem dünýäde dan bolsa.

Magtymguly, görüp duşman tagnasyn,
Mert oldur, şat tutar gamdan synasyn,
Ýer ýüzi doldurmaz gözüň hanasyn,
Karun kimin näçe haznaň kän bolsa.
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1319 | Рейтинг: 0.0/0