Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

GÖRÜLSIN IMDI
Gorka-gorka üflas ýagdaýa düşdük,
Takdyr näme bolsa, görülsin imdi;
Pikir gazanynda gaýnadyk, bişdik,
Degme, gan joş urup ýörülsin imdi!

Ozal başda jepbar bar etdi ýokdan.
Niçäni nurundan, köpi toprakdan,
Habar geldi, dostlar, ýakyn-yrakdan,
Duşmana gurt oýny gurulsyn imdi.

Oturmasyn kempir, ýaşlar dul bolup,
Galmaňlar, türkmenler, ile dil bolup,
Rakyp ähli musulmana gul bolup,
Ilersi Soňudaga sürülsin imdi.

Göz bilen gördüňiz, köpler gedadyr,
Niçeler azaşdy, niçe pidadyr,
Eý ýaranlar, kuwwat berjek hudadyr,
Aly zülpükary syrylsyn imdi.

Nähak dökülmesin gyzyl ganymyz,
Duşmana galmasyn bütin nanymyz,
Ýada salyň, amanatdyr janymyz,
Taňra zerur bolsa, berilsin imdi.

Üstümizden duşman höküm sürüp dur,
Mümin bary jebri-jepa görüp dur.
Ogul-gyzy har öňüne berip dur,
Hemmeler ol jaýdan syrylsyn imdi.

Pyragy ýüz tutar türkmen iline,
Duşman gol urmasyn gyzyl gülüne,
Dostlar, bizi ahyretiň siline,
Gark etmänkä rakyp, gyrylsyn imdi.
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 969 | Рейтинг: 0.0/0