Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Воскресенье, 19.05.2024

Duralgada
Ekiz taý ýalý jorasý bilen
Jümjüme gülleriň arsy bilen
Jümjüme köýnekli bir gözel gelýär
Jümjüme ýalykly jorasy bilen

Gyzlaryň ikiside gyzyl çawytly
Çawytlaň gapdaly keşde sowutly
Gyzym uýam diýip lak ataýmasaň
Lak atmagam indi bize howply

Toýnagyny jüp basyp ýuwaşja ätýär
Gaýmakly marojnaň ujundan gädýär
Her gezek agzy buza degende
Tutuş dünýäň ýüzi bugaryp gidýär

Men hem synlap barýan çekilip gyra
Gyzlar meňzep barýar siwtafor çyra
Ýalyklary gyzyl çawytlary gök
Ýol açyk hem ýapyk bagtyňa görä

Gyzlaryň birisi çynar birisi derek
Görmene göz gerek söýmäne ýürek
Wah göz hem ýürek hem ýeterlik welin
Wah on sekiz gerek on sekiz gerek

Asmana seretsem gün eýýem peýşin
Onýança aňardan göründi maşyn
Ol maşyn hem eýýäm
Gözelleň gaşynda togtady maşyn

Mündüler yzyndan galmadym menem
Aý neme dynç günüm gezjek bir sellem
Aý onsaňam şeýle gözeller bilen
Garşy dal uçmana kosmasa çenlem

Birden iki gözel dörde öwrüldi
Hersiniň gapdaly gerçek ýiğitli
Ýiğitler tanapdyr gyzlaryň gowsyn
Göreje alyp atyşta gowsyn
  Bir ýiğide hasam ýeserje eken
    Kemputtan doldurdy çawydyň jübüsin

Onýança gapysyn açdy WATAN
Kemput iýýen gyzyň elinden tutan
Bir görsem öz oglum öz Nazar oglum
  Utan şahyr utan
    Guwan şahyr guwan
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1357 | Рейтинг: 5.0/2