Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Вторник, 07.05.2024

GÜÝZ HAKYNDA OÝLANMA
Güýz peýda bolanda sary çäkmeli,
Adam kelle döwdi: "Indi nätmeli?”

Baglaň ter ýapragy solup ýitäýsin,
Ol öz tylla ýapragynda ne täsin!

Asman şaý-şelpeli enaýy tahýa,
Güýz gijesi oňa enaýy bakýa.

Hemmä mälim: gözel güýzüň görmegi,
Ýöne bu az, men has köpi görmeli.

Her ýapragy altyna deň, zere deň
Güýzüň gözelligi, görki nämeden?

Eýýäm toýnuk ýasap geçdi durnalar,
Adam kelle döwdi: "Ýyllar durmaýar!”
Adam çekýär syryň müň bir sanysyn,
Açmak isleýärdi güýzüň manysyn.

Durmuş deňiz ýaly möwç alyp durýa,
Ýyllar derýa bolup, deňize urýa.

Adam bu durmuşy söýerdi örän,
Eliniň güýjüni, kalbynda dörän

Paýhasyn, söýgüsin siňdirdi özgä,
Emma ýene öňki derdi gozgaýa:

"Şunça şahyrlaryň gözüni baglan
Çal duman bürenen gojaman daglar,

Ýa guşlaň gyş şaýyn tutýan sürüsi,
Belki, güýzüň manysynyň syry siz?”

...Geçenmiş ençe ýyl, dolanyp öwran,
Adamyň akyly bu syra haýran.

Bu durmuşa bar ukybyn eçilen,
Üstüne nur bolup alkyş seçilen,

Il üçin göreşde epmändir dyzyn,
Bir gün garşy alan ömrüniň güýzün.

Şonda bar ömrüniň paýhasyn jemläp,
Duşuşýar güýz bilen güýjüni jemläp.

Ýene şol görnüşler: şadyýan guşlar,
Boşap galan bagda saz çalanmyşlar.
Adam paýhasly ser salyp ummana,
Diýen: "Güýzüm bilen düşdüm bu mana.
Ýok! Güýzüň görmegi ýapragynda däl,
Tukat demin alýan topragynda däl.

Çal duman, per ganat näzik durnalar,
Güýz manysyn-gözelligin gurmazlar.

Indi düşdüm şunça horlan syra men;
Sansyz agdarylan, sansyz sürülen.

Sansyz hasyl beren Hatamtaý kimin,
Adam yzy bilen ýugrulan zemin.

Güýzde hasyl berip soňky dänä çen,
"Bu entek az!” diýip, gam çekýän eken!

Indi ýetdim syryň gönezligine,
Güýzüň manysyna-gözelligine.
Ol many-gözellik-soňky dänä çen
Çykaryp, adama bermekde eken!

Miweleň hoş ysy galanda kükäp,
Güýz: "Bu entek az!” diýip, bolanmyş
tukat.

...Güýz peýda bolanda sary çäkmenli
Adam kelle döwdi: "Indi nätmeli?”

"Güýzüm geldi” diýip, gamlanmalymy?
Ömrümiň gyşyna ýan bermelimi?
Ýok! Adam ömrüniň bolmasyn gyşy,
Ol altmyşy, ýetmiş bäşi, ýüz... ýaşy,

Goý, çal duman bolsun, goý bolsun bulut,
Ýaşamaly, eçilmeli güýz bolup...
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 2383 | Рейтинг: 0.0/0