Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Вторник, 07.05.2024

Şu goşgynyň käbir
Şu goşgynyň käbir ýerlerini özümçe kommentläp, nähili owadandygyny aýtmakçy.

Gel, köňül, men saňa öwüt bereýin;
Yrak kylma görer gözüň – iliňni!
-Gözüňi göreji özüňden uzak tutma diýýä. Muňa iki hili düşünse bolýa. Başga ýurtlara öz watanyňy terk edip gitmeli däl diýip düşünse bolýa ýa-da göwnüň içinde, köňülde uzak tutma, ýagny mydama patriot bol, watansöýer bol!

Gymmatyn gaçyrma, ýerinde sözle,
Uzatmagyl her näkese tiliňni!
-Sözleriňi ýerinde sözläp bilseňä ok bolýa, maksada degýä, men ýaly "dile geldi, bile geldi" bolsa, onda sözleriň gymmady gaçýa. Özem her adama söz sözlemekde peýda ýok, diňe sözleriň gymmady gaçýa.

Doga eýläp, haýyr sözläp ýaşagyn,
Hormatlagyl gözel iliň uşagyn,
-Birinji setiri düşnükli bolmaly her kime. Öz iliň kiçisinem hormatla diýýän bolmaly ikinji setirde.

Ýazdyrmagyl, mäkäm eýle guşagyň,
Ýeri bardyr, ajap sakla biliňni!
-Bärde iki setir hem bile, hemem aýratyn. Biliňi berk tut, balagyňy çykaryp ýörme, ÝERI BAR diýýä onyňam. Bula bir many, ikinji many, biliňi BERK TUT, GAÝRAT ET, gaýratly bol diýýä birinji setirde, soň ikinjide aýratyn "biliň" barada. Garaz, nähili many çykarsaňam, gaty owadan.

Çagyrylmaz jaýda görünme, barma,
Başarsaň, sopynyň ýüzüni görme,
-Birinji setir düşnükli, çagyrylmadyk ýeriňe barmasaň gowy. Ikinjisinde, "sopy ekeni" diýip adamyň ýüzüni görme! Ýagny wezipä görä ýüz görme!

Pikir-zikriň dünýä malyna berme,
Karuna ogşatma, tutgul päliňni!
-Pikir we zikir dünýä malyndanam gymmat! Öz pikiriň bolmagy, zikir edip bilmek...
Karun ýaly husyt bolma diýýä ikinji setirde, öz päliňi, nebsiňi eliňde tut diýýä.

Sözüne ber jowap, her kes sorasa,
Özüň yrak eýle, namart ýörese,
-Sorana jogap ber, namartdanam uzak dur!

Bir misgin telmuryp, ýyglap garasa,
Baha gurma, mugt bergin malyňny!
-Bir kemli, bir mätäç, bir näçar naýynjar bir zat sorasa, garasa, garaz kyn günde görseň, hasap-hesibi geçirmän, barjaňdan sadaka ber, kömek et diýýä! Biziň sadaka gutysy üçin gowy şygar bolardy...

Indem ýatmaga gitjek. Ýöne goşgy gaty gowy, her setiri bir nakyl ýaly güýçli...
---------------------------------------------------------
Magtymguly garyp köňlün baý edip,
Kanagat ülkesin bende jaý edip,
Her kim öz ýaryny dogan Aý edip,
Aýyn gözlär, başga aýa seretmez.
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1840 | Рейтинг: 4.0/1