Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Среда, 08.05.2024

Çigit sataýanja gyz
Öýe dolanýanmy, barýanmy işe,
Parhy ýok gyş, bahar, tomusmy ýa güýz,
Oturandyr ýol ugrynda hemişe
Çigit sataýanja gyz.

Onuň gysýan däldir bu ýerde içi,
Gapdalda çagalar jagylday-jugul,
Ýöne ol bilenok kowup ýa gaçyp,
Çigit satýan gaby – bar oýunjagy.

Çigit oňat geçse, keýpjagazy kök,
Şatlyk ýaňagynda goýup gidýär yz.
Belki menden- senden gazanýandyr köp
Çigit sataýanja gyz.

Ajam däldir. Ýurejigi erese,
Satýan çigidinden çigitläp oňar.
Bar ünsün müşderä berýär ol, eýse
Başga zat gerek dälmikä oňa?

Gyzjagaza haýpym gelýär azajyk,
Üşemezi ýaly, çykaýsady ýaz.
Hernä alnuň-bagyň bolsunda açyk
Çigit sataýanja gyz.

******
Biserhet älemiň jany däldir janymdan aýry.
Şatlygymam, hasratymam bozar älemiň ýüzün.
Bitakat ýüregim bolar ne bäri, ne-de aňry:
ne kenara gyssanar, ne lezzet alar ýüzüp.

Hantama däl dostdan vepa, duşmandan ýamanlyga.
Sebäbi, soragymyň jogaby başga zatda.
Sebäbi, maýda hasaby salaýsaňam ýanlyga
ne çalyndan içiň sowar, ne gönenersiň ýagdan.

Men azajyk akylly özgä ýol gorkezerden.
Men azajyk pähimsiz terk ederden şa ýoly.
Ýagşylar, ýamanlar bilen suw içýän bir güzerden.
Bir görseňä ýagşy men, bir görseň ýaman ýaly.

Adamlardan daşda bolsam, bolardym men perişde,
Ýyldyzlardan daşda bolsam, hokman bolardym zalym.
Bilýärin aýan bolmaz kimligim irde-giçde:
gara duman içinde sessiz bugarar salym.

Özgäniň bagtyny görüp, höweslärin bagtymy.
Özgäniň hasratyn görüp , hasrata ýar bolaryn.
Kä şatlygym göge sygmaz, kä gan öýer bagrymy.
Ilimde ganat baglaryn, ilimde har bolaryn.

Asly owadan kebelek saklamaga janyny
haşal otuň reňkine boýap gezer ganatyn.
Ýöne men gaýtalanmaz ýüregimi, aňymy
duşmandan gizlemerin ejiz düşen halatym.

Meniň ýazgymy okap, şa unutsa şalygyn,
gul öz guldugyny bilse, zerre armanym bolmaz.
Uly ili güldürmäge ýetmez meniň şatlygym,
ýöne ajy hasratymam özgä agramyn salmaz.

Maral suw içdi.

Teşne maral epgek, jowzaly günde
halasgär güzeriň başyna bardy.
Onuň gözel keşbi aýna deý suwa
özüni urdy.

Maral birdenkä-de tisgindi
onuň
gözi düşdi başga marala:
garaýşy ejizdi hemem ezizdi –
ot bermezçe däldi haram damara.

Yşk lowlady ak amarlyň gözünde –
hyruç bilen suwa baka egildi.
Soň diýseň ynamly, diýseň dözümli
doýman sordy suwmaralyň lebinden.

****
Aňa baýrynandan saňa nä peýda
her bir öli köp bilýärkä diriden.
Kime gerek bu ymtylyş bu pida?
Jogap ýerden gözýaş damýar dideden.

Iň soňky derejä ýetse-de bilim,
iň soňky ýyldyza daksa-da ady,
barybir kalbymyz ynjalmaz biziň,
barybir bilmeris esasy zady.

***
Hat

(4 nji hat).

Dostum,ýyldyz hakda goşgymy okap,
başga derdim ýokdur öýdäýme meniň.
Syrtym kül üstünde,
hyýalymda – Kap.

Ne öýüm bar, ne-de belli mesgenim.
Işim ýok özgäniň şalygy bilen.
Ölmesden öň üzsem bolýar karzymy.
Goşgy ýazýan – ýalňyz şatlygym bilen
ýamaýaryn galkanymy – kalbymy.

****
Men dünýäni düzetjekdim
Eden arzuwym puç boldy.
Ýaş wagtym ölüp gitjekdim.
Bolmady.
Soňam giç boldy.

Gözdürtme gijelerde
diňledim arşyň demini.
Juda kän kösendim Ýerde
Tapman köňlümiň tmini.

Soň täjir aldy ýanymy:
ony unutmaga çalyşdym.
Ahyr övrüvň ýaryny
kagyzdyr syýa çalyşdym.

Men dünýäni düzetjekdim
Eden arzuwym puç boldy.
Ýaş wagtym ölüp gitjekdim.
Bolmady.
Soňam giç boldy.

»
Login to post comments
NÄRAZYLYK Ýaz! Kelläň
Sişenbe, 2009-10-13 12:16-de, Agam yazdy!
NÄRAZYLYK

Ýaz!
Kelläň telegraf sütüni bolup güňlesin,
Ýazmakdan gurasyn goluň,
Agşam ýazan oňat setirlerňizden,
Säherler oýanyp närazy boluň.

Siziň kalbyňyzy durşuna gaplan,
Gazaply kazy deý närazylyklaň,
Basyrmaň üstüni,
Diňläň olary.
Oňat pygly üçin raýyny ýykmaň.

Närazylyk – örän oňat duýgudyr,
Ýöne bu duýguny gazanmak kyndyr,
Ol – uly şahyrlaň böwründe hanjar,
Ejizleriň hanjarynyň gynydyr.

Ýaz!
Ýazmakdan ýaňa gurasyn goluň,
Gijäň köpü geçip, galypdyr azy,
Sen özüňden näçe närazy bolsaň,
Il senden şonça-da razydyr, razy.
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 2126 | Рейтинг: 0.0/0