Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Вторник, 07.05.2024

KÜTEKLIK
Durmyş kämil dälmi?
Ýa-da adamlar?
Ýygnaklarda orta atylsa teklip,
Ähli ýitilikleň örküne
agzy
synan palta bolup urýar küteklik.

Haýran galaýmaly!
Nirede bolsun, -
Ol ýitilik bilen geçir sözüni,
Ýok, küteklik kesip bilmäni üçin,
Ýykyp – ýumuryp, ykrar eder özüni.

Ol şeýle başarjaň, şeýle bir ussat, -
Umuman, öňünde durmak juda kyn,
Walla, gür tokaýa taşlaýsaň,
Şonam,
Kütekligi bilen çapmagy mümkin.

Öňde-soňda düşünmeli ahyry!
(Muny wagtal-wagtal boýnam alýarys)
Ýitiligi ulanmaly wagtymyz,
Kütekligi aýlap-aýlap salýarys.

Ol saňňy dişlerin syrtardyp çala,
Haýbat atanynda kötekli güne,
Oturanlar duýman elini çarpar,
Onuň örän ýiti kütekligine.

Ol özüniň kütekligin bilmez hiç,
Bar bolsa-da şu gürrüň bar tarapda.
Mundan uran kütek gylyjynyň ujy,
Nämüçindir şaňlap durar arapda.

Emma kütekligiň bir täleýi bar:
Ol sapyndan sypar gider iru-giç.
Ýöne hyjuw bilen kütekligini,
Ykrar eder ýere düşerne deňiç.
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 1828 | Рейтинг: 0.0/0