Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Среда, 08.05.2024

Aslynda asylly gözel gyz
Aslynda asylly gözel gyz bolsañ.
Adamlaryñ köp ýerinde görünme.
Durshuñ bilen kereshmedir näz bolsañ.
Artykmaç näz boljak bolup urunma.

Hemmeler sen gyza bakýanam bolsa.
Ýüregiñ gürsüldäp kakýanan bolsa.
Söýgiñ gyzgyn ganda akýanam bolsa.
Ýalt-ýalt edip töweregñe garanma.

Egerde diýseler señ söziñ mähir.
Ýada diýýäýseler señ öziñ mähir.
Shonda-da gözleñde oýnasyn gahar.
Men mähirli diýip artyk erenme.

Ýüregiñ ak bolsun diñe gar ýaly.
Kalbyñda busanjyñ bolsun nur ýaly.
Altyn saçlañ tolkun atsyn mar ýaly.
Rakyplaryñ bar ýerinde daranma.

Utanç saklar gyzy her bir beladan.
Çykarma diliñi dishli galadan.
Diñe abyraý bolsun seniñ aladañ.
Basharsañ bolgusyz ýerde görünme.

Täç etgin bashyña söýgili ýary.
Shoña bagyshlansyn gül ömrüñ bary.
Bolsañ goç ýigidiñ namysy-ary.
Zenan bolgun oñ üstine sürünme.

Mertebäñi mydam belent tutjak bol.
Bu durmush oýundyr diñe utjak bol.
Ar-namysy baýdak edip tutjak bol.
Munda biwepalar kändir ýaranma.
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 3565 | Рейтинг: 1.5/2