Приветствую Вас, Гость! Регистрация RSS

Турецкие Стихи

Среда, 08.05.2024

Doganlarymy berdiň, Imanly doganlarymyz
Doganlarymy berdiň

Dünýä döreli bäri islediň bir maşgala, 
Ugrunda ýere gelip, çekdiň köp ahy-nala.
Günäleri göterýän meňzäp gurbanlyk mala,
Ganyň bilen döreden Öz maşgalaňy berdiň.

Sen üçin beýik boldy perişdelerden ynsan,
Ony Senden aýyrdy günä diýlen nägehan,
Oňa gazabyň dökmän, ýöne ah çekip pynhan,
Jezalap Öz Ogluňy, doganlarymy berdiň.

Patyşalygyň taşlap Sen ýere geldiň Isa,
Şahana durmuşyňy öwürdiň uly ýasa.
Halas ediş ýolunda çekip Sen agyr gussa,
Gözýaş bilen döreden doganlaryňy berdiň.

Meniň Size söýgimiň ýokdur hiç çaky-çeni,
Bir-biriňizi söýüň – söýseňiz eger Meni,
Söýgi diýmek bermekdir bütinleý jany – teni
Diýip, tabşyryp maňa, çagalaryňy berdiň.

Söýgi diýmek bermekdir bütinleý jany – teni
Sen hem şeýle söý diýip, doganlarymy berdiň.

Hudaýa ýalbaryş

Dünýä gurulmazdan saýladyň bizi,
Diýdiň siz dünýäniň yşygy, duzy.
Şol yşyk, duz kimin epýäris dyzy:
Doganymyza Atam Özüň şypa ber.

Gaýtalama:
Şypa ber, Atajanym,
Doganymyza gelsin rehimiň!
Şypa ber, Atajanym,
Aýama ondan Öz merhemetiň!
Aýama bizden Öz merhemetiň!

Aýan edeniňde  Ogluň Isany,
Mykaddes etdi bizi Onuň gany.
Doganymyz bilen bir etdiň jany,
Doganymyza Atam Özüň şypa ber.

Gaýtalama

Birek-birek üçin özünden geçen
Etdiň birleşdirip bizi bir beden.
Biz bilen aglap, hem biz bilen gülen,
Doganymyza Atam Özüň şypa ber.

Gaýtalama

Bile geçeli ýerdäki durmuşy:
Paýlaşyp, deň iýip nany we aşy.
Atam galdyrma ýerde bu haýyşy,
Doganymyza Atam Özüň şypa ber.

Gaýtalama
Doganymyza gelsin rehimiň!
Öz ýygnagyňa gelsin rehimiň!
Öz maşgalaňa gelsin rehimiň!
Категория: Туркменские стихи (Туркмен гошгулары) (14.11.2013)
Просмотров: 4262 | Рейтинг: 2.5/2