Boldy besdir
Boldy. Besdir. Hol deräniñ göwsünde Özüme ümsümje çadyr guraýyn. Säher-säher agras shemal öwsende, Ýadan ýüregimi shoña gereýin, Ýataýyn, turaýyn belli bir wagtda, Belli wagty iýeýin men naharmy. Shäherden, goh, aladadan uzakda, Ýok zat üçin getirmäýin gaharmy. Howlukmaýyn. Söz bermäýin hiç kime, Öýüm çetde-hiç bir zady bilmäýin. Düme oýlanaýyn, Ýashaýyn düme. Gaty aglamaýyn, Gaty gülmäýin. Shygyrlar ýazaýyn shemal barada, Gussajygmy ulus-ile sözläýin. Iñrik bilen gün ýashary arada Ýash bolsamam, Gojalygmy gözläýin. Indi näçe ýyldyr, shu hyýal mende Toprakda nem ýetmez tohum deý ýatyr. Ýöne çadyram ýok deräñ göwsünde, Öýümem çetde däl. Merkezde otyr. Gaty aglaýaryn. Gaty gülýärin. Elmydama howlugýaryn bir ýere, Haýyr etjek bolýaryn, Maña galamyny beren illere. Iñ zerur sözleriñ yzynda selpäp, Büdreýärin. Ýykylýaryn käýarym. Öz shemaly bilen ýüzümi ýelpäp, Shonda maña medet berýär diýarym. Arma! diýýän ishe gümra daýhana, Ýyndam otlulara elim bulaýan. Bag astynda duran iki juwana Özümkiden oñat ömür dileýän. Sheýdip ýashap ýörün, Il bilen ätläp, Il bilen deñ çapyp ýyndam atymy Hemem käte Misli düýsh kimin ýatlap, Çadyr hakyndaky rowaýatymy.
| |
Просмотров: 1155 | |