Halyl Kuly
ALYSLARDA GALAN ÝAR Ýalñyz bolsañ¸ ýetişerin ýanyña¸ Seni ýeke goýman – diýen sözüñ bar. Ýatlamalañ dumanyndan çyk-da gel¸ Alyslardan alyslarda galan ýar. Söýgiñ bilen derýa bolup joş-da gel¸ Öñküñ ýaly gyz juwanlyk ýaşda gel¸ Gaýalardan gaýalara aş-da gel¸ Goja daglañ añyrsynda galan ýar. Tapyşýan ýerinde ýer bilen gögüñ¸ Her gün saña garaşaryn intizar. Gün doganda¸ gün içinden çyk-da gel¸ Uzak ýollañ añyrsynda galan ýar. Men henizem öñkim ýaly bisabyr¸ Ýürek şindem öñküsi dek bikarar. Uzak ýyllañ örtügini serp-de gel¸ Uzak ýyllañ añyrsynda galan ýar. ''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''
| |
Просмотров: 2411 | |